Türkmenistanyň döwlet býujeti
Döwlet býujeti – Býujet döwletiň garamagynda durýan uly merkezleşdirilen pul gaznasy bolup, ol maliýe ulgamynyň esasy bölegidir. Döwlet býujetiniň aýratynlygy, onuň döwletiň maliýe ulgamynyň bölümleri bilen, beýleki ykdysady kategoriýalary bilen aýrylmaz baglanyşygy bolup durýar (hojalyk hasaplaşyklary, nyrhlar, zähmet haky, karz (kredit) we başgalar).
Türkmenistanyň býujet ulgamlary barada kabul edilen kanunda (1996-njy ýylyň iýun aýynyň 18-i) býujet ulgamy barada giňişleýin düşünjeler bar: býujet Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda döwlet häkimiýeti, ýerli häkimiýet guramalary tarapyndan belli bir döwürde toplanylýan we ulanylýan maliýe resurslarynyň jemidir.
Maglumatlardan görnüşi ýaly, möçberi boýunça býujetimiz ýyl-ýyldan ýokary depginler bilen artýar, mysal üçin, 2004-nji ýylda 2003-nji ýyl bilen deňeşdirilende 20,8%, 2005-nji ýylda bolsa 2004-nji ýyl bilen deňeşdirilende 20,1% ýokarlandy. Býujetimiziň girdejileriniň köpelmesi içerki milli önümimiziň ýokary depginler bilen artmagy netijesinde mümkin boldy, mysal üçin, 2009-njy ýylda ol 39,5% yokarlandy, bu dünýäde iň ýokary ösüşdir. Türkmenistanyň býujeti 2009-njy ýyl üçin girdejileri boýunça 58892,2 mln. manat we çykdajylary boýunça 58892,2 mln. manat möçberinde tassyklandy.
Eger döwletiň girdejisi çykdaýjysyndan artyk bolsa, onda oňa – profisit diyilýär. Çykdajy girdejiden artyk bolsa, muňa býujet ýetmezçiligi, ýagny defisiti diýlip aýdylýar.
Источник: http://abadchat.at.ua | |
| |
Просмотров: 1554 | | |
Всего комментариев: 0 | |