Ykdysady kanunlar we kategoriýalar
Ykdysady kanunlar diýmek näme? Ykdysady kanunlar — önümçilik gatnaşyklardaky umumylaşan, mydama gaýtalanyp durýan has düýpli, durnukly içerki sebäp-netije baglanyşyklary aňladýar. Olar obýektiw kanunlardyr. Olaryň döremegine, hereket etmegine we gerek bolmagyna, aýrylyp gitmegine, edil Günüň dogup ýaşyşy ýaly, adam täsir edip bilmeýär. Ykdysady kanunlar örän köp sanly bolup ylmyň ösmegi bilen täzeden-täze görnüşleri ýüze çykýarlar. Ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösmegine uly üns berilmegi ykdysadyýetimiziň täze kanunlarynyň üsti açylyp, geljekde adamlaryň durmuşynyň hasda oňatlaşmagy üçin örän ähmiýetlidir. Adam ykdysady kanunlary öz islegine we meýline görä döredip, üýtgedip ýa-da ýatyryp bilmeýär. Diýmek, olar adamlaryň aňyna we erk-islegine bagly bolmazdan hereket edýärler. Başgaça aýdylanda, ykdysady kanunlar adamlaryň islegine, meýline bagly bolmadyk hadysalaryň özara gatnaşyklaryny aňladýar. 0l kanunlar ykdysady şertlere görä ýüze çykýarlar we hereket edýärler. Şertleriň üýtgemegi bilen ykdysady kanunlaryň hereketi hem üýtgeýär. Olar maddy nygmatlary öndürmegi, paýlamagy, alyş-çalyş we sarp etmegi dolandyryjy kanunlardyr. Olar adamzat jemgyýetiniň ösüş kanunlarydyr. Şoňa görä-de, adamlar ykdysady kanunlary öwrenip, akyl ýetirip, olaryň talaplary göz öňünde tutmak bilen tejribe işlerinde öz bähbitleri üçin peýdalanmalydyrlar. Ykdysady kanunlar. Meselem, feodal renta kanuny ilki feodalizm jemgyýetinde öndüriji güýçleriň ösmeginde oňaýly ýardam etdi. Soňra bolsa kapitalizmiň ösmegi bilen ol kanun jemgyýetçilik önümçiliginiň ösmegine päsgel berip başlady we özüniň öňki progressiw ähmiýetini ýitirdi. Önümçilik gatnaşyklarynyň nazaryýet taýdan aňladylmagy ykdysady kategoriýalaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Jemgyýetçilik zähmet bölünişigi, haryt, gymmat, pul, kapital, goşmaça önüm, milli girdeji, iş haky, baha, maliýe, salgyt, milli baýlyk, işçi güýji, peýda, üznüksiz önümçilik, zähmet öndürijiligi, düşewüntlilik, jemi içerki önüm, hyrydarlyk, hödürleme, bäsleşik, monopoliýa, kredit we başgalar ykdysady kategoriýalardyr. Экономические категории – это те слова, которые связаны с экономикой.

Источник: http://abadchat.at.ua
Категория: Туркменские шпаргалки | Добавил: Dava (19.03.2015) | Автор: Dava W
Просмотров: 2666 | Теги: kategoriýalar, We, Ykdysady kanunlar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Код *: