Zähmet bölünişigi we onuň milli ykdysadyýete täsiri
Zähmet diýip nämä düşünmeli? Zähmet - munuň özi adamyň maksada laýyk işidir. Başgaça aýdylanda, zähmet işçi güýjüniň sarp edilmesidir. Işçi güýji - bu adamyň fiziki we akyl ukyplarynyň jemidir, onuň zähmete bolan ukyplylygydyr. Işçi güýjüniň sarp edilmegi, ýagny onuň herekete getirilmegi jemgyýetçilik önümçiliginiň amala aşyrylmagynyň zerur şertidir.
Zähmet prosesinde adam özüniň işi arkaly tebigatyň zatlaryny üýtgedýär we olary öz islegini kanagatladyrmak üçin uýgunlaşdyrýar. Zähmete bolan ukyplylyk, akylly-paýhasly zähmet çekmek diňe adama mahsusdyr.
Zähmet diňe bir tebigaty üýtgetmän, adamyň özüni hem üýtgedýär. Zähmet çekmek bilen her bir adam özüniň tejribesini, hünärini ýokarlandyrýar. Şu nukdaý nazardan seredilende, zähmet adamyň akyl-paýhasynyň kämilleşmeginde esasy şert bolup hyzmat edipdir diýip, ykrar edilýär.
Önümçiligiň ýa-da zämet prosesiniň amala aşmagy üçin diňe bir zämhetiň bolmagy ýeterlik däldir. Onuň üçin zähmetiň predmetiniň we serişdeleriniň bolmagy hem hökmandyr.
Adam zähmetiniň gönükdirilen zatlaryna zähmet predmeti diýilýär. Olar öndüriljek önümleriň maddy esasynv düzýär. Zähmet predmeti iki bölekden durýar. Olaryň bir bölegi tebigatyň hut öz zatlaryndan ybaratdyr. Muňa daşkömür, gazylyp alynýan magdanlar, tokaý giňişlikleri mysal bolup biler. Zähmet predmetleriniň beýleki, ýagny öňki zähmetiň önümi bolan bölegine bolsa, çig mal diýilýär. Mysal üçin, çörek zawodynda peýdalanylýan un, gurluşykda sement, dokma fabriginde ýüplük çig mal hasaplanylýar.
Zähmet predmetlerine täsir etmek üçin zähmet serişdeleriniň bolmagy hökmandyr. Adamlaryň zähmet predmetlerine täsir etmek üçin ulanýan zatlaryna zähmet serişdeleri diýilýär. Maşynlar, enjamlar, geçiriji apparatlar, gurallar we ş.m. zähmet serişdeleriniň düzüminde esasy orun tutýar. Bulardan başga-da, olaryň hataryna önümçilik jaýlary, desgalar, demir we şosse ýollary, kanallar we ş.m. girýärler. Yer bolsa ähliumumy zähmet serişdesi hökmünde çykyş edýär. Oba hojalygynda bolsa, ol zähmet serişdesi we zähmet predmeti bolup hyzmat edýär.
Zähmet serişdeleri bilen zähmet predmetleriniň jemine önümçilik serişdeleri diýilýär. Bu düşunje ykdysady nazaryýetiň esasy kategoriýalarynyň biridir.
Источник: http://abadchat.at.ua | |
| |
Просмотров: 932 | | |
Всего комментариев: 0 | |