Türkmenistanyň himiýa senagaty we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri
Türkmenistanyň halk hojalygynyň ähmiýetli pudagara toplumynyň biri himiýa senagaty bolup, ol 10 sany senagat kärhanalaryndan ybaratdyr. Döwletiň himiýa senagaty çig mallarynyň görnüşlerine, öndürýän önümleriniň, kärhanalaryň tehnologiýa işleriniň aýratynlyklaryna laýyklykda bäş pudaga bölünýär: 1. Dag himiýa senagaty. 2. Esasy himiýa. 3. Nebit himiýa. 4. Durmuş himiýa. 5. Derman himiýa senagaty. 1. Dag himiýa senagaty - arassa, sap - kükürt, tebigy duzlaryň dürli görnuşlerini çykarmak we olary gaýtadan işlemek ýaly önümçilik işlerinden ybaratdyr. Döwlete mälim bolan kükürt känleri Gowurdakda özleşdirilip, indi bu ýerden 60 ýyla golaý wagt bäri arassa kükürt çykarylýar. Gowurdakda kükürt ýerasty eretmek usuly bilen alynýar. we ol öz hili boýunça dünýä bazarlarynda bellidir, şonuň üçin Gowurdak kükürdi Ýewropanyň ösen ýurtlaryna hem eksport edilýär. Dag himiýa senagatynyň – ösen pudagy mineral duzlary çykarmakdyr. Olar nahar (daş duz, galit), kaliý we sulfat natriý duzlarydyr. Daş we nahar duzlary möhüm azyk önümi hem-de konserw serişdesidir. Esasy himiýa – Balkan welaýatynda Hazar we Balkanabat ýod-brom senagatynyň merkezleri bolup, olar esasy himiýa senagatynyň ähmiýetli pudagydyr. Nebit himiýa senagaty – nebitden dürli himiki önümleri öndürýär. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda kir ýuwujy önüm öndürýar. Hazarda gurum zawody nebit bilen ugurdaş çykýan gazyň esasynda rezin-şin senagaty üçin önüm öndürýär. Durmuş himiýa senagatynyň - ýeke-täk kärhanasy Aşgabatda ýerleşip, ol ilat üçin dürli plastmassa gap-çanaklaryny, öýde ulanylýan enjamlary öndürýar. Derman himiýa senagaty – döwletiň derman ösümliklerinden dürli derman öndürmeklige niýetlenendir. Şu maksat üçin Aşgabatda derman otlary peýdalanmak bilen bir hatarda, çig maly beýleki ýurtlardan getirip hem peýdalanýar. Türkmenabat şäherindäki buýan köki zawodynda hem dermanlar öndürilýär. Döwletde derman öndürilişini, olaryň paýlanyşyny we peýdalanylyşyny, ylmy taýdan öwrenilişini kadalaşdyrmak işlerini Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi alyp barýar. 1997-nji ýylda Türkmenistanda uly farmasewtika zawody ulanylmaga berildi. Zawodyň gurluşygyny “Türkmenderman” döwlet ylmy-önümçilik birleşigi we Hindistanyň “Ajanta farm LTD” firmasy tarapyndan döredilen bilelikdäki türkmen-hindistan kärhanasy alyp bardy. Ol ýerli çig maldan analgetikleri, antibiotikleri, spazmalitikleri we beýleki däri-dermanlary öndürýär.

Источник: http://abadchat.at.ua
Категория: Туркменские шпаргалки | Добавил: Dava (19.03.2015) | Автор: Dava W
Просмотров: 5167 | Теги: ösdürmegiň, ony, We, mümkinçilikleri, Türkmenistanyň himiýa senagaty | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Код *: