Senagat – ykdysadyýetiň esasy pudagy hökmünde
Milli ykdysadyýet iki sany sferadan ybarat:
1. Maddy önümçilik sfera
2. Maddy däl sfera.
Bu iki sferany bir-birinden tapawutlandyrylýan esasy alamat bolup maddy önüm çykyş edýär. Maddy önümi göterip, daşap, süýşürip düşürip, görüp bolýar. Sebäbi ol göwrümi, möçberi, agramy bolan göze görünýän maddylykdyr ýa-da barlykdyr. Emma, maddy däl sferada göze görünýän barlyk öndürilmeýär, ol diňe dürli hyzmatlary we eşretleri amala aşyrýar.
Senagat-munuň özi tebigy baýlyklary, tebigy eşretleri, oba hojalyk önümlerini, senagatda taýýarlanylýan çig mallary gaýtadan işläp, taýyn haryda öwürýän halk hojalygynyň iň möhüm pudagydyr. ykdysadyýetiň ösmegi ilkinji nobatda senagata baglydyr.
Senagatyň öndürýän önümlerini iki topara bölüp öwrenmek bolar.
1.Halkyň sarp edýän harytlary. Bu topara azyk, geýim-gejim we gündelik durmuşda ulanylýan islendik harytlar degişlidir.
2.Önümçilik maksatly harytlar. Bu topara önümçilik maksatly stanoklar, geçirijiler, enjamlar we ş.m. degişlidir.
Öndürilýän önümleriniň köpelmegi milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösüşini üpjün edýär. Senagat pudaklaryny öz dörän wagtyna baglylykda üç topara bölüp öwrenmek bolar.
Birinji topara köne pudaklar diýlip atlandyrylýar. Köne topara kömür, metallurgiýa, gämi gurluşygy we dokmaçylyk degişlidir. Bu topara köne pudak diýilmeginiň sebäbi senagat önümleri ilkinji bolup şu pudaklarda öndürilip başlanandyr.
Ikinji topara täze pudaklar diýilýär. Täze pudaga awtomobil gurluşygy, plastmassa we dürli himiki süýümler degişlidir.
Üçünji topara iň täze senagat pudaklary diýilýär. Oňa başgaça ýokary tehnologiýaly pudaklaram diýilýär. Bu toparyň esasy aýratynlygy ylmy köp talap edýänligidir. Oňa robot gurluşygy, hasaplaýjy tehnikalar, kompýuter, uçar, kosmos, bio we nano tehnologiýaly senagat önümçilikleri degişlidir. Bu topar häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy pudaklarynda hereket edýär.
Источник: http://abadchat.at.ua | |
| |
Просмотров: 2058 | | |
Всего комментариев: 0 | |