Söwda hakynda düşünje
Döwletiň ykdysady we sosial taỳdan ỳokary göterilmeginde söwda gatnaşyklaryna wajyp orun degişlidir. Ýurtda haryt dolanyşygyň ösmegi, onuň düzüminiň kämilleşmegi, söwda hyzmatlarynyň gowulanmagy, halkyň durmuş-medeni taỳdan ösmeginiň esasy şertidir. Söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň esasy maksady adamyň çäksiz islegini kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Söwda 2 bölege bölünyär:
1. Daşary söwda dolanyşygy. Ỳurduň eksport we import amallarynyň jemi bolup bu barada 13-nji temada giňişleỳin gürrüň ediler.
2.Içerki söwda dolanyşygy. Ỳurduň içerki maddy harytlarynyň söwda gatnaşyklarynyň jemine düşünilỳär.
Eger-de, öndürilen harytlar yzygiderli sarp edilmese, onda önümçilik öz hereketini togtadỳar. Önümçiligiň üznüksiz hereket etmegi üçin öndürilen harydyň sarp edilmegi zerurdyr. Bu bolsa söwda arkaly amala aşyrylỳar. Bu proses öndürilen önümleriň ahyrky alyja ỳetirilmegi bilen tamamlanỳar.
Söwda gatnaşyklary iki tarapyň ỳagny alyjyň we satyjynyň gatnaşmagynda amala aşyrylỳar. Alyjy şol bir wagtyň özünde satyjy bolup hem çykyş edip biler. Ýagny, öndürijiden harydy satyn alyp, başga bir tarapa satyp biler. Bu ỳagdaỳ birnäçe gezek gaỳtalanyp hem biler. Emma alyjynyň we satyjynyň üỳtgemegi bilen söwdanyň mazmuny üỳtgemeỳär.
Haryt dolanyşygynyň üç sany akymyny tapawutlandyrmak mümkin:
1.Halkyň sarp edỳän harytlary. Bu akym köpsanly, köp görnüşli harytlardan ybarat bolup, ol jemgyỳetçilik iỳmiti we söwda nokatlary üsti bilen bölek söwda arkaly halka ỳetirilỳär.
2.Önümçilik maksatly harytlar. Bu akym halkyň sarp etmegi üçin däl-de önümçilik maksatly harytlar degişlidir. Olara enjamlar, geçirijiler, serişdeler, stanoklar we ş.m degişlidir.
3.Oba hojalyk harytlaryny öndürijiler. Bu akymdaky harytlaryň bir bölegi göni alyja ỳetirilỳär. Beỳleki bir bölegi senagat kärhanalaryna ugradylỳar. Alyja göni ỳetirilỳän bölegine azyk önümleri, kärhanalara ugradylỳan bölegine ỳüň, deri, pagta we gaỳtadan işlenilmäge niỳetlenen oba hojalyk önümleri degişlidir.
Источник: http://abadchat.at.ua | |
| |
Просмотров: 825 | Комментарии: 3 | | |
Всего комментариев: 1 | |
| |