Jemgyỳetçilik iỳmiti we onuň ähmiỳeti
Ýurduň haryt dolanyşygynda jemgyỳetçilik iỳmiti möhüm orny eỳeleỳär. Jemgyỳetçilik iỳmiti halk hojalygynyň bir pudagy bolmak bilen ol azyk önümlerini taỳỳarlamak we ilatyň iỳmite bolan islegini kanagatlandyrmaga ỳöriteleşendir. Jemgyỳetçilik iỳmiti köpçülikleỳin zähmetiň netijesi bolup, ol dürli görnüşli kärhanalary ỳagny naharhanalary, kafeleri, restoranlary, garbanyşhanalary özüne birleşdirỳär.
Birinjiden, jemgyỳetçilik iỳmiti zähmetkeşleriň erkin wagtyny tygşytlaỳar, olary azyk önümleriniň bölek söwdasyndan we köp wagty talap edỳän öỳde taỳỳarlanỳan iỳmitden halas edỳär. Ol aỳratyn hem zenan maşgalalaryň agyr öỳ hysyrdylaryny ỳeňilleşdirỳär. Olaryň esasy wagtlaryny nahar taỳỳarlamaga däl-de, zähmet we jemgyỳetçilik işlerine, çaga terbiỳesine gönükdirmäge mümkinçilik berỳär. Käbir maglumatlara görä azyk önümlerini satyn almak we nahar taỳỳarlamak işleri maşgalanyň boş wagtynyň 40 göterimini alỳar. Öỳ şertlerinde taỳyarlanan nahar jemgyỳetçilik ỳerlerinde taỳỳarlanan nahardan zähmeti bäş-alty esse köp talap edỳär. Şol bir wagtyň özünde senagat şertlerinde taỳỳarlanỳan polufabrikatlar (mysal üçin makaron, tort) hem ilatyň işini ỳeňilleşdirỳär we ykdysadyỳetiň senagatlaşmagynda hem möhüm orny eỳeleỳär.
Ikinjiden, dürli edaralarda, kärhanalarda, guramalarda, orta , ỳokary okuw jaỳlarynda jemgyỳetçilik iỳmitiniň kadaly ỳagdaỳda guralmagy zähmetiň netijeliligini ỳokarlandyrmaga, okuwyň hilini gowulandyrmaga, okaỳanlaryň we işleỳänleriň saglygyny ỳokarlandyrmaga mümkinçilik berỳär.
Üçünjiden, jemgyỳetçilik iỳmiti ilatyň saglyk ỳagdaỳyny ỳokarlandyrmakda, iỳmitlenmegiň medeniỳetini ösdürmekde, iỳmitlenmegiň ylmy ỳörelgelerine esaslanmakda we olary köpçülikleỳin wagyz etmekde esasy serişde bolup çykyş edỳär. Hut şuňa laỳyklykda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen “Türkmen tagamlary” atly kitabyň ỳurdumyzda iỳmitlenmegi ylmy esasda guramakda möhüm gollanma bolup çykyş edỳär.
Dördünjiden bolsa ilatyň restoranlaryň we kafeleriň hyzmatyndan peỳdalanmagy, adamlaryň işden soň ỳa-da boş wagtlaryny medeniỳetli dynç almaklarynda esasy ugurlaryň biri hasaplanỳar.
Источник: http://abadchat.at.ua | |
| |
Просмотров: 768 | Комментарии: 2 | | |
Всего комментариев: 0 | |