Türkmenistanyň maliýe ulgamy
Maliýe ulgamy – bu degişli guramalar tarapyndan dolandyrylýan pul toplumlaryny we gaznalaryny döretmek hem-de ulanmak sebäpli önümçilik we önümçilik däl işiň dürli ugurlarynda emele gelýän, biri-birinden bölünip aýrylan, ýöne özara baglanyşykly maliýe gatnaşyklar gurşawynyň we düzümleriniň jemidir.
Maliýe ulgamlary şu aşakdakylardan ybarat:
1. Döwlet maliýesi. Munda esasy orny döwlet býujeti tutýar. Ol merkezleşdirilen pul toplumy ýa-da döwletiň esasy maliýe meýilnamasydyr. Onda möçberi boýunça iň uly maliýe serişdeleri toplanyp, durmuş çärelerine hem-de ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilýär. Ol meýilnama hökmünde girdejileri we çykdajylary boýunça hökmany suratda ýerine ýetirilmelidir. Meýilnama öňünden düzülýär we geljek ýyl üçin tassyklanýar.
Eger döwletiň girdejisi çykdaýjysyndan artyk bolsa, onda oňa – profisit diyilýär. Çykdajy girdejiden artyk bolsa, muňa býujet ýetmezçiligi, ýagny defisiti diýlip aýdylýar.
Источник: http://abadchat.at.ua | |
| |
Просмотров: 2792 | | |
Всего комментариев: 0 | |