Lizing barada düşünje
Şeýle hem dünýä tejribesinde-de lizing amallary giň ýaýran hem-de giňden ulanylýan amallarynyň biri bolup durýar. Dürli ýurtlarda döwlet edaralary lizing amallaryny kiçi biznesi goldamagyň aýratyn görnüşi we telekeçilik işiniň kiçi görnüşlerini ösdürmegiň möhüm serişdesi hökmünde peýdalanýarlar. “Lizing” sözi iňlisçe Lease (karzyna bermek) diýen sözden gelip çykýar. Lizing - bu karzyň pul görnüşli däl formasydyr, ýagny telekeçilik işinde gerek bolan enjamlary, serişdeleri kärendesine bermeklikdir. Kanunçylyk taýdan berilýän kesgitlemä laýyklykda lizing diýlip, lizing alyja töleg üçin peýdalanmaga şertnamada şertleşilip lizing emläginiň berilýän halaty ýüze çykýan gatnaşyga düşünilýär. Ol emläk lizing beriji tarapyndan taýýarlanylýar ýa-da lizing alyja bermek üçin lizing beriji tarapyndan eýeçilige satyn alynýar. Şunda emlägiň eýeçilik hukugy kärendä berijide galyp, kärendeçi ol emlägi belli bir wagt aralygynda tölegli görnüşde peýdalanýar. Lizingde kärendä beriji bilen kärendeçiniñ arasynda 1 ýyldan 10-15 ýyla çenli aralykda şertnama baglaşylýar. Lizingi ulanmaklygyň artykmaçlygy şundan ybarat, ýagny, kärendeçi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän, gymmat bahaly enjamy satyn almaga öz serişdelerini sarp etmän, ol bu enjamy kärendesine alyp bilýänligindedir. Lizingiň bu tarapy orta we kiçi telekeçiler üçin örän amatlydyr, ýagny lizingi ulanmak, peýdalanmak bilen telekeçi diňe bir önümçilgini çalt gurmak bilen çäklenmän eýsem tygşytlanan pul serişdelerini başga maksatlar üçin gönükdirip bilýär. Şeýle hem lizingde kärendä beriji öz kärendesine beren enjamynyň hil ýagdaýyny hem öwrenip bilýär.
Lizingiň häzirki wagtda birnäce görnüşleri bolup, olar şu aşakdakylardan ybaratdyr.
1. Maliýe lizingi - lizingiň bu görnüşinde lizing beriji belli bir satyjydan lizing alyjynyň görkezen emlägini eýeçilige satyn almaga we şol emlägi lizing alyja lizingiň predmeti hökmünde belli bir töleg üçin belli bir möhlete we belli bir şertlerde wagtlaýyn eýeçilige we peýdalanmaga bermäge borçlanýar. Şunda lizing alyja berilýän lizing predmetiniň möhletiniň dowamlylygy boýunça ölçelýär ýa-da ondan geçýär. Lizingiň predmeti lizing şertnamasynyñ möhletiniň tamamlanmagy boýunça lizing alyjynyň eýeçiligine geçýär.
2.Gaýtaryş lizingi - maliýe lizinginiň dürli görnüşidir, onda lizingiň predmetini satyjy şol bir wagtyñ özünde lizing alyjy hem bolup çykyş edýär.
3.Operatiw lizing – lizingiň bu görnüşi, onda lizing beriji öz töwekgelçiliginiň hasabyna emlägi satyn alýar we ony lizing alyja lizingiň predmeti hökmünde belli bir töleg üçin belli bir möhlete we belli bir şertlerde wagtlaýyn eýeçilige hem-de peýdalanmaga berýär. Lizinge berilýän emlägiň möhleti lizing şertnamasynyň esasynda bellenilýär. Lizing şertnamasynyň möhletiniň tamamlanmagy bilen we şertnamada göz öňünde tutulan tölegleriň doly möçberinde lizing alyjynyň tölän halatynda lizingiň predmeti lizing berijä gaýtarylyp berilýär.
4.Sublizing – lizing alyjynyň lizing predmetini üçünji tarapa peýdalanmaga beren eglişik gatnaşyklarynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň esasy görnüşidir. Bu sublizing şertnamasy bilen resmileşdirilýär, onuň möhleti lizing şertnamasynyň hereketiniň möhletinden geçmeli däldir. Lizing predmetini sublizinge bermek şertnama bilen resmileşdirilýär we diňe lizing berijiniň hat üsti bilen beren razylygy boýunça ýol berilýär.
Источник: http://abadchat.at.ua | |
| |
Просмотров: 1489 | Комментарии: 1 | | |
Всего комментариев: 0 | |