Françaýzing barada düşünje
Häzirki zaman ykdysadyýetinde, telekeçilikde françaýzing ulgamy hem giňden peýdalanylýar. Bu ulgamda bir tarap françaýzer bolup çykyş etmek bilen beýleki bir tarapa öz adyny ýa-da söwda markasyny ulanmaga rugsat berýär. Françaýzing ulgamy ilkibaşda 19-njy asyryň başynda döräpdir. Şondan soňky döwürlerde bu ulgamyň işi has hem şowuna bolupdyr. 1886-njy ýylda “Singer” fabrigi, ýagny tikin maşynlaryny ýasaýan fabrik françaýzing bilen işläp başlapdyr. Şeýle hem şol ýyl “Coca-Cola” önüminiň formulasy oýlanyp tapylypdyr. 1900-njy ýyllarda bu formulanyň satylyp başlanmagy bilen françaýzing ulgamynda düýpli ösüş bolup geçipdir. 1950-nji ýyllarda bolsa doganlar “McDonalds” tarapyndan françaýzing has hem ösüpdir. Häzirki döwürde “McDonalds” firmasynyñ ösen ýurtlarda umumy 14 müň sany kiçi kärhanasy bardyr. Françaýzing häzirki wagtda halk hojalyk pudaklarynyň ỳetmişe golaýynda giňden peýdalanylýar. Dünýä tejribesine laýyklykda bu ulgam biznes işini alyp barmaklygyň iñ ösen görnüşi bolup durýar. Häzir ýurdumyzda “Kodak”, “Coca-Cola” we şuňa meňzeşler bu ulgam bilen işleýärler. Kiçi telekeçilikde françaýzing ulgamynyň artykmaçlyklaryna seredip geçeliň. Françaýzing munuň özi kärhanalaryň arasynda aragatnaşygyň iň ösen görnüşidir. Kiçi kärhanalar öz işine laýyklykde françaýzing ulgamynyň şu aşakdaky görnüşlerinden peýdalanýarlar: 1.Haryt françaýzing ulgamy. Bu görnüşde françaýzerler tarapyndan öndürilen önümi kiçi telekeçi satmak bilen meşgullanýar. 2.Önümçilik françaýzing ulgamy. Bu görnüşde haýsy hem bolsa bir önümi öndürmekdäki syrlary özünde saklaýan firma, şol önümi öz adyndan öndürmeklige kiçi kärhanalara hukuk berýär ýa-da rugsat berýär. Mysal üçin, Coca-Cola kompaniýasyny görkezip bolar. 3.Hyzmat ediş françaýzing ulgamy. Bu görnüşde farançaýzerler öz adyndan öz haryt nyşanlaryny, adyny ulanmaga beýleki bir kärhana rugsat berýär we şol bir wagty özünde hem hyzmatlary ýerine ýetirmäge rugsat berýär. Mysal üçin, McDonalds, Kodak we şulara meňzeş kompaniýalary görkezip bolar. 4.Korporatiw françaýzing ulgamy. Bu görnüş häzirki wagtda ykdysadyýetde örän möhüm orun tutýar. Bu görnüşe başgaça biznes-format hem diýilýär. Bu görnüşiň çäklerinde hereket edýän kompaniýalar françaýzi hödürleýjiniň dine bir haryt nyşanyny we adyny ulanmak bilen çäklenmän, eýsem, françaýzing hödürleýjini hem önümçilik prosesine doly derejede gatnaşdyrýar we olaryň alyp barýan işleriniň çäginde hereket edýär.

Источник: http://abadchat.at.ua
Категория: Туркменские шпаргалки | Добавил: Dava (19.03.2015) | Автор: Dava W
Просмотров: 966 | Комментарии: 6 | Теги: Françaýzing barada düşünje | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Код *: