Türkmenistanyň ykdysadyýetinde daşary yurt maýa goýumlary
Инвистиция – это вложение денег что б получать быстрый прибыль. Есть 2 вида инвестиции. 1.Прямые инвестиции – diýmek bire-bir özüň pul çykaryaň we özüň jogapkär, şondan gelýän girdeýjigi özüňe alýaň. 2.Портфельные инвестиции – diýmek gurulýan edaranyň, kärhananyň aksiyasyny satyn alýaň, meselem 10%, we şolardan gelýän girdeýjiniň 10% alýaň. Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri – ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekdir. Daşary ýurt maýalaryny çekmek Türkmenistanyň maýa goýumlar işiniň baş ýörelgesiniň möhüm bölegidir. Daşary ýurt maýa goýumlary Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge, ylmy-tehniki progresiň ugurlaryny çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda bu ugurda uly işler amala aşyrylýar. Daşary ýurt maýadarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň nebit-gaz we dokma toplumynda düýpli öwürlişikler bolup geçýär. Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlary üçin ileri tutulýan ugurlar: ýangyç-energetika toplumy, dokma senagaty, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, syýahatçylyk pudagydyr. Şu güne çenli daşary ýurt maýadarlarynyň gatnaşmagynda müňden gowrak häzirki zaman kärhanalary işe girizildi. Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça täze ädim ädildi. Tebigy gazyň sarp edijileriniň hataryny giňeltmek ýolunda möhüm halkara maýa goýum taslamasy durmuşa geçirildi. Şu babatda Hytaý Halk Respublikasyna türkmen tebigy gazyny eltmek üçin uzynlygy 7 müň kilometre deň bolan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli halkara gaz geçirijisiniň çekilmeginiň we işe girizilmeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Bu gaz geçirijisi boýunça Hytaý 30 ýylyň dowamynda her ýylda ortaça 40 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny satyn alar. Şu günki gün Türkmenistanda uly ähmiýet berilýän meseleleriň ýene-de biri – ol ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige düýbünden täzeçe çemeleşmek meselesidir. Bu ugurda esasy işler Hazar deňziniň kenarynda ýaýbaňlanýar. Bu ýerde “Awaza” milli erkin syýahatçylyk zolagyny döretmek barada yglan edildi. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin diňe Türkmenistanyň özi bir milliard dollarlyk maýa goýdy. Daşary ýurt maýadarlary tarapyndan hödürlenen taslamalaryň umumy möçberi 4 milliard dollara barabardyr.

Источник: http://abadchat.at.ua
Категория: Туркменские шпаргалки | Добавил: Dava (19.03.2015) | Автор: Dava W
Просмотров: 1340 | Комментарии: 3 | Теги: yurt, goýumlary, daşary, maýa, Türkmenistanyň, ykdysadyýetinde | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Код *: