Pul barada düşünje we onuň wezipeleri
Pul dolanyşygy – bu zähmete hak tölemegiň, harytlary ýerleşdirmegiň, hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň we beýleki tölegleriň amala aşyrylmagyny, baha ölçegleri, dolanyşyk serişdesi, töleg serişdesi, süýşirintgileri (kapital) we dünýä pullaryny toplamagyň serişdesi. Ykdysady gatnaşyklaryň özeninde pul esasy orun eýeleýär. Pul – bu umumy ekwiwalentiň (birlik) gutarnykly formasydyr. Ol gymmatbaha metallar we aýratyn haryt görnüşünde ýüze çykýar. Ilki başda natural (barter) alyş-çalyş görnüşinde haryt-haryda çalyşyrylypdyr. Natural alyş-çalyşyň has köp möçberli harytlary satyn almakda we satyn almakda kynçylyklar döredenligi sebäpli ýuwaş-ýuwaşdan zikkelenen metal görnüşli pullar döräp başlapdyr. Ilkinji metal pullar biziň eramyzdan öň VII asyrda Hytaýda, V asyrda Pars döwletinde döräpdir. Biziň eramyzyň VI-VIII asyrlarynda Hytaýda ilkinji kagyz pullary ulanylyp başlapdyr. Şeýle-de gadymy türkmen döwletlerinde hem zikkelenen metal pullar dolandyryşda hereket edipdir. Döwletiň pul meselesindäki esasy funksiýasy, puly çykarmak (puluň emmisiýasy) .Zerur bolan puluň mukdaryny aşakdaky deňlemede görkezmek bolýar; Puluň umumy ekwiwalent görnüşindäki ykdysady düýp mazmuny onuň ýerine ýetirýän funksiýalarynda ýüze çykýar. 1. Pul ähli harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatynyň ölçegi bolup çykyş edýär. 2. Dolanyşyk serişdesi bolmak funksiýasy. 3. Puluň töleg funksiýasy. 4. Puluň katital toplamaklygyň serişdesi bolmaklygy. 5. Puluň dünýä pullarynyň funksiýasy.

Источник: http://abadchat.at.ua
Категория: Туркменские шпаргалки | Добавил: Dava (19.03.2015) | Автор: Dava W
Просмотров: 2769 | Теги: wezipeleri, Pul, düşünje, barada | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Код *: