Türkmenistanyň demografiki ýagdaýy we zähmet resurslary
Demografiýa (demos - halk we grapho - ýazýaryn diýen grek sözlerinden) ilaty öwrenýän ylymdyr. Ilat belli bir çäkde (obada, şäherçede, etrapda, şäherde, welaýatda, ýurtda, sebitde, yklymda we tutuş dünýäde) ýaşaýan adamlaryň köplügidir. Ol wagtyň dowamynda sany azalyp ýa-da köpelip bilýän we düzümi üýtgäp durýan köplük bolýar. Haýsy hem bolsa bir çäkde ilatyň sanynyň we düzüminiň üýtgemegi köp hadysalar bilen bagly bolýar. Ýöne olaryň içinde: çaga dogluşynyň derejesiniň ýokary ýa-da pes bolmagy; ölýän adamlaryň sanynyň köpelmegi ýa-da azalmagy; göçüp gelýänleriň (ýa-da göçüp gidýänleriň) sanynyň köpelmegi ýa-da azalmagy has täsirli bolýarlar.

Источник: http://abadchat.at.ua
Категория: Туркменские шпаргалки | Добавил: Dava (19.03.2015) | Автор: Dava W
Просмотров: 1304 | Теги: ýagdaýy, Türkmenistanyň demografiki, zähmet resurslary | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Код *: