Türkmenistanda erkin telekeçiligiň ykdysady zolaklary we olaryň ähmiýeti
Erkin ykdysady zolaklar (EYZ) – munuň özi daşary ỳurt we milli telekeçiler üçin aýratyn ýeňillikli ykdysady şertler hereket edýän çäklendirilen territoriýalardyr.
Garaşsyzlyk alnandan soň ýurdumyzda erkin ykdysady zolaklary döretmek hakyndaky meselä ilkinji gezek 1992-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Halk maslahatyň mejlisinde erkin ykdysady zolaklaryň 7 sanysyny döretmek hakynda karar kabul edildi. Häzirki döwürde erkin ykdysady zolaklaryň 11 sanysy bar. Olar : Hazar – Ekerem, Baharly – Serdar, Aşgabat – Abadan, Aşgabat – Änew, Mary – Baýramaly, Daşoguz – Aeroport, Türkmenabat – Seýdi, Güneşli Türkmenistan, Aşgabat- Aeroport, Sarahs etrap zolagy, Awaza milli syýahatçylyk zolagy.
Ykdysatçylar bu zolaklary maliýe we maddy-tehniki resurslary, häzirki zaman tehnologiýalary çekmegiň , öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň serişdesi hökmünde kabul edýärler. Olaryň döredilmegi ýurduň eksport bazasyny ösdürmegi, walýutanyň gelşini höweslendirmegi, goşmaça iş ýerlerini döretmegi hem-de tehniki we dolandyryş kadrlaryny taýýarlamagy üpjün edýär .
Erkin ykdysady zolaklaryn ähmiýeti
1. Öňdebaryjy tehnologiýany çekmek ;
2. Daşary ýurt kapitalyny çekmek bilen ykdysadyýeti işjeňleşdirmek ;
3. Walýuta girdejierini almak we walýuta gorlaryny artdyrmak;
4. Içerki sarp ediş bazaryny doldurmak;
5. Ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we işçi güýjüniň hil derejesini ýokarlandyrmak.
6. Ykdysadyýeti, halkara telekeçiligi , häzirki zaman bazar ykdysadyýetini dolandyrmakda dünýä tejribesini öwrenmek.
7. Häzirki zaman bazar infrastrukturasyny döretmek .
Erkin ykdysady zolaklardaky kärhanalara döwlet tarapyndan köp ýeňillikler edilýär. Olara mysal edip:
peýda salynýan salgydy ýeňletmek.
girdeji salgydyndan doly ýa-da bölekleýin boşatmak;
eksportyň ýeňillikli şertlerini döretmek;
ýerli salgytlardan boşatmak ya-da ýeňillikli salgyt salmak ;
daşary ýurt maýa goýumlarynyň islendik görnüşine rugsat bermek ;
ýeňillikli eksport we import lisenzirlenmesi ;
Источник: http://abadchat.at.ua | |
| |
Просмотров: 1893 | Комментарии: 1 | | |
Всего комментариев: 0 | |