Ykdysady diplomatiýanyň meseleleri
Ykdysady diplomatiýa düşunjesi döwlet tarapyndan adaty diplomatiýanyň bar bolan köpdürli serişdeleriniň we usullarynyň peýdalanylmagyny aňladýar. Ykdysady diplomatiýanyň üsti arkaly anyk ykdysady meseleler çözülýär (söwda syýasaty, kömek bermek ýa-da kömek almak, karz bermek ýa-da karz almak, tehnologiýa almak ýa-da tehnologiýa bermek we ş.m.). Şunlukda, meseläniň çözülişini ikitaraplaýyn, ýa-da köptaraplaýyn esasda gazanmak bolar. Munuň özi milli bähbitler üçin dürli halkara institutlary peýdalanmakdyr, olar bilen özara peýdaly esasda hyzmatdaşlyga taýýar bolmakdyr. Ykdysady diplomatiýanyň görnüşi döwletiň durmuş tebigaty bilen baglanşyklydyr we şertlenendir. Şonuň üçin hem kesgitli görnüşde senagat taýdan ösen ýurtlaryň, ösüp gelýän we geçiş ykdysadyýetli ýurtlaryň ykdysady diplomatiýasy hakynda aýtmak bolýar. Emma her bir ýurduň ykdysady diplomatiýasynyň öz aýratynlyklary bar. Ol aýratynlyklar durmuş – ykdysady ýagdaýlaryň anyk şertleri bilen kesgitlenilýär. Ýaponiýanyň ykdysady diplomatiýasy sebäpleriň bir toplumy, Germaniýanyňky başga bir sebäpler bilen kesgitlenilýär. Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasy ýurduň ösüs aýratynlyklaryndan, milli ykdysadyýetiň öňünde duran wezipelerden gelip çykýar. Ol wezipeler köpdürlidir. Bazar gatnaşyklaryna geçmek, ýurduň tebigy baýlyklaryny özleşdirmek we olary dünýä bazaryna çykarmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny we tehnologiýasyny çekmek öňde duran wezipeleriň diňe bir bölegidir. Şol wezipeleriň çözülmegi hem özboluşly ykdysady diplomatiýanyň alnyp barylmagyny talap edýär.

Источник: http://abadchat.at.ua
Категория: Туркменские шпаргалки | Добавил: Dava (19.03.2015) | Автор: Dava W
Просмотров: 840 | Комментарии: 1 | Теги: diplomatiýanyň, ykdysady, meseleleri | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Код *: