TMK – lar barada düşünje. (Транс национальные корпорации ТНК)
Halkara korporasiýalar senagat, söwda, ulag we bank kompaniýalarynyň iri birleşikleri bolup, olaryň işi ýerleşýän ýurdunyň çäklerinden daşary çykýar, önümçilikde, söwdada we hyzmat etmekde oňaýly orunlary eýeleýär. Kärhanalaryň ilkinji halkara birleşmeleri XIX asyryň 60-80-nji ýyllarynda mineral çig maly gazyp almakda, satyn almakda we satmakda emele gelipdir. BMG-nyň statistikasy ilki diňe ýyllyk dolanyşygy 100 mln. dollardan köp bolup, pesinden 6 ýurtda bölümi ýa-da golçar kärhanasy bolan iri firmalary halkara korporasiýasy hasap edýär. Ykdysatçylar halkara korporasiýalary 3 topara bölýärler. Birinji topara transmilli korporasiýalar (TMK) degişlidir.TMK-lar agdyklaýyn bir milletli paýdarlyk kapitally we tutuş korporasiýanyň işine gözegçilik häsiýetli iri kompaniýalardyr. Olar beýleki ýurtlarda öz bölümlerini we golçar kärhanalaryny döretmek arkaly iş alyp barýarlar. TMK-lara “Dženeral motors”, “Ford”, IBM, ”Eksson” amerikan firmalary, “Nestle” şweýsar azyk konserni we başgalar mysal bolup biler. Ikinji topara köpmilletli korporasiýalar (KMK) degişlidir. KMK-lar iki ýa-da ondan köp ýurduň milli kompaniýalaryny önümçilik we ylmy-tehniki esaslarda birleşdirýärler, şunda bu kompaniýalar dürli ýurtly eýeleriňki bolmalydyr. KMK-lara “Ýunilewer” iňlis-golland himiki-tehnologik konserni, “Roýal datç-Şell” iňlis-golland konserni, “Danlop-Pirelli” iňlis-italýan rezin-tehniki konserni, “Fiat-Sitreon” italýan-fransuz awtomobil konserni mysal bolup biler.

Источник: http://abadchat.at.ua
Категория: Туркменские шпаргалки | Добавил: Dava (19.03.2015) | Автор: Dava W
Просмотров: 1256 | Комментарии: 1 | Теги: düşünje, национальные, корпорации, ТНК, TMK, barada, транс | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Код *: